Çempionlar ligasynda Madridiň wekilleri ýarym finala çykdylar

Şu günki duşuşyklar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar

715856
Çempionlar ligasynda Madridiň wekilleri ýarym finala çykdylar

Ispaniýanyň Atletiko Madrid topary Britaniýanyň Lester Siti toparyny öz meýdançasynda 1-0 hasaby bilen ýeňen bolsa, garşydaşynyň öýünde 1-1 deňme-deň galyp, ýarym finala çykmaga mümkinçilik gazandy.

Ispaniýanyň beýleki bir wekil bolan Real Madrid bolsa Germaniýanyň Bawariýa Mýunhen toparyny garşydaş toparyň meýdançasynda geçen ilkinji oýunda 2-1 hasaby bilen ýeňen bolsa, öz meýdançasynda hem 3 gol geçirip ýarym finala çykmaga mümkinçilik gazandy.

Çempionlar ligasynda şu gün geçiriljek duşuşyklar:

Barselona (Ispaniýa)- Ýuwentus (Italiýa)
Monako (Fransiýa) - Borussiýa Dortmund (Germaniýa)

Duşuşyklar Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:45-de başlar.



Degişli Habarlar