Russiýa Ukrainada geçiriljek 62-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmaýar

Ýewropa Ýaýlym bileleşigi EBU Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewde geçiriljek 62-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmajakdygyny mälim etdi

712884
Russiýa Ukrainada geçiriljek 62-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigine gatnaşmaýar

Mesele hakynda berlen beýanatda Russiýanyň adyndan aýdym saz bäsleşigine gatnaşjak Ýuliýa Samoýlowanyň  Kiýewe gelmegine rugsat berilmejekdiginiň mälim edilendigi sebäpli rus ýolbaşçylaryna iki teklibiň hödürlenendigi ýatladyldy.

EBU tarapyndan berlen beýanatda Russiýanyň Samoýlowanyň wideo konferensiýa arkaly bäsleşigine gatnaşmagy ýada başga aýdymçynyň bäsleşige gatnaşmagy hakyndaky iki teklibi kabul etmändigi ýatladyldy.

Beýanatda “Russiýanyň şu ýyl geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilmejekdigi bellenildi we bäsleşige 43 ýurduň gatnaşmagyny islärdik” diýildi.

Ukrainanyň Samoýlowa goýan gadagançylygy sebäpli Russiýanyň 1-nji kanaly hem 62-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigini ýaýlyma bermejekdiklerini aýan etdi.



Degişli Habarlar