Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy dünýä sanawynda 22-nji orunda

Halkara Futbol federasiýasy bileleşigi FIFA dünýä sanawynda Türkiýäniň ýygyndysyny 4 basgançak ýokaryk galdyryp, 22-nji oruna geçirdi

707149
Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy dünýä sanawynda 22-nji orunda

FIFA-nyň internet saýtynda beýan edilen soňky sanawa görä geçen aý 26-njy orunda bolan Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 22-nji oruna geçdi.

Braziliýa bolsa Argentinany geçip, 7 ýyl arakesmeden soň ýenede 1-nji oruna geçdi.

Makedoniýanyň Milli futbol ýygyndysy 33 basgançak ýokaryk çykyp 130-njy oruna geçdi we aýyň iň köp ýokarlan ýygyndysy boldy.

FIFA indiki sanawyny bolsa 4-nji maýda çap eder.



Degişli Habarlar