Stiwen Hoking äleme çykmagy meýilleşdirýär

Dünýä belli iňlis fizik Stiwen Hoking äleme çykar

696027
Stiwen Hoking äleme çykmagy meýilleşdirýär

Hoking Britaniýadaky ITV kanalyndaky gepleşikleriň birinde eden çykyşynda iňlis işewür adam Riçard Brensonyň Virgin Galactic atly alem syýahatçylyk kärhanasy bilen äleme çykmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

“Meni hiç kim äleme alyp gitmez diýip pikir edýärdim, emma Brenson maňa Virgin Galactic-de gitmegi teklip etdi” diýen 75 ýaşly Hoking özüniň teklibe göni hawa diýip jogap berendigini belledi.



Degişli Habarlar