UEFA Çempionlar ligasynda düýn iki duşuşyk geçirildi

Şu gün geçiriljek duşuşyklar bilen çärýek finalda oýnajak ähli toparlar belli bolar

691759
UEFA Çempionlar ligasynda düýn iki duşuşyk geçirildi

Çempionlar ligasynda düýn geçirilen 2 duşuşygyň netijeleri şulardan ybarat:

Ýuwentus (Italiýa) 1 - 0 Porto (Portugaliýa)
Lester Siti (Britaniýa) 2 - 0 Sewilla (Ispaniýa)
Bu netijeler bilen Ýuwentus we Lester Siti toparlar liganyň çärýek finalynda oýnamaga mümkinçilik gazandy.

UEFA Çempinlar ligasynda şu gün hem 2 duşuşyk geçiriler.

Ispaniýanyň Atletiko Madrid topary Germaniýanyň Baýer Lewerkuzen topary bilen, Britaniýanyň Mançester Siti topary bolsa Fransiýanyň Monako topary bilen oýnar.
Duşuşyklar Türkiýäniň wagty bilen 22:45-de başlar. 



Degişli Habarlar