Londonyň Moda hepdeliginde türk ýeli ösdi…

Britaniýada 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyny hem fotosurat hem-de egin-eşikler bilen beýan edýan sergi açyldy

676660
Londonyň Moda hepdeliginde türk ýeli ösdi…

Londonyň Moda hepdeliginde türk ýeli ösdi…

Britaniýada 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyny hem fotosurat hem-de egin-eşikler bilen beýan edýan sergi açyldy.

Sergide meşhur modaçy Zeýbep Kartal Türkiýäniň demokratiýa ugrundaky göreşini dizaýn eden egin-eşiklerinde suratlandyrdy.

15-ni iýul sergisi Türkiýäniň London şäherinde ýerleşýän ilçihanasynyň kabulhanasynda açyldy.

Londonyň moda hepdeliginiň çäginde açylan sergide Türkiýäniň demokratiýa ugrundaky göreşi hem dokumental film hem-de fotosuratlar bilen beýan edildi.

Sergide Zeýbep Kartalyň ýörite dizaýn eden 15-nji iýul temaly egin-eşiklerini ozalky futbolçy Jibrel Jisseniň aýaly Jude Jisse we gözellik şasy Çerelle Patterson geýdi.

Sergiden soň geçen ýyl Britaniýanyň parlamentindäki moda şouda dizaýn eden egin-eşikleri bilen ünsleri özünde jemlän Zeýnep Kartalyň kreasiýasy görkezildi.

 



Degişli Habarlar