Garadeňiz sebitine mahsus saz guraly kemençe daşary ýurtlara eksport edilýär

Tolgundyryjy sesi bilen sebitde toýlaryň, şüweleňleriň üýtgewsiz gahrymany…

672611
Garadeňiz sebitine mahsus saz guraly kemençe daşary ýurtlara eksport edilýär

Garadeňiz sebitine mahsus saz guraly kemençe daşary ýurtlara eksport edilýär.

Samsunda iki doganyň guran kiçijik ussahanasynda öndürilýän kemençeler Hytaýyň başda durmagynda köp sanly ýurda eksport edilýär.

Kemençe garadeňizlileriň ýüz öwrülmesiz saz guraly…

Tolgundyryjy sesi bilen sebitde toýlaryň, şüweleňleriň üýtgewsiz gahrymany…

Kemençe daşary ýurtlarda-da üns çekmäge başlady.

Internet arkaly Hytaý bilen birlikde köp sanly ýurda ugradylýar.

Ol hem kemençe önümçiliginiň artmagyna goşant goşdy.

Samsunda iki doganyň guran ussahanasynda aýda ortaça 750 kemençe ýasalýar.

Erik, arça we tut agaçlaryndan ýasalýan kemençelerin bahasy 100-500 lira aralygynda.

Şol kiçi ussahanada özboluşly grafikalar hem taýarlanýar.

Kemençe ussalygy Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýitip barýan hünärleri dikeltmegi nazarda tutýan taslamasynyň çägine degişli edildi.

 


Etiketkalar: #kemençe , #saz guraly , #eksport

Degişli Habarlar