TRT Dokumental film baýraklary üçin 78 ýurtdan 665 film bäsleşýär

Türkiýe radio-telewideniýe guramasy TRT 9 ýyldan bäri milli we halkara derejede dokumental filmleri goldamagyny dowam etdirýär

669791
TRT Dokumental film baýraklary üçin 78 ýurtdan 665 film bäsleşýär

Öwrenje, ussat we halkara kategoriýalarynda berilýän TRT-niň Dokumental film baýraklaryna bolan gyzyklanma her ýyl barha artýar.

Geçen 2016-njy ýyllarda TRT Dokumental film baýraklary üçin 47 ýurtdan 427 film özara bäsleşdi.

2017-nji ýylda bu san 665-e ýetdi.

Filmler bilen baglanşykly deslapky netijeler 27-nji fewralda mälim ediler.

Finala çykan filmler 11-14-nji maý aralygynda Stambulda görkeziler.

TRT Dokumental film baýraklary 15-nji maýda geçiriljek dabarada eýelerine gowşurylar.



Degişli Habarlar