Prezident Erdogan milli motosikletçi Kenan Sofuoglyny kabul etdi

Prezident R.T. Erdogan Bütin dünýä Supersport çempionatynyň 5-nji gezek çempiony bolan milli motosikletçi Kenan Sofuoglyny we onuň maşgalasyny kabul etdi

666734
Prezident Erdogan milli motosikletçi Kenan Sofuoglyny kabul etdi

Kenan Sofuogly özüniň Instagram hasabyndan özi, ejesi Nurhaýat Sofuogly, aýaly Julia Looman, ogly Mahir Sofuoglynyň Prezident Erdogan bilen bilelikde alan suratyny paýlaşdy.

Milli motosikletçi suratyň gapdalyna: “Düýn agşam meni we meniň maşgalamy Huber köşgünde kabul eden hormatly Prezidentimiz gowy we erbet günde hemişe ýanymyzda boldy. Size buýsanýaryn” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar