Halkara Rotterdam film festiwalynda iki türk filmi görkeziler

Festiwalyň açylyşynda Amerikada surata alynan “Limon” atly film görkezildi

Kor filmi.jpg

Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde 12 günde 108 sanysy dünýä kinosyndan jemi 484 filmiň görkezilmegine garaşylýan 46-njo Halkara Rotterdam film festiwaly başlady.

Festiwalyň açylyşynda Amerikada surata alynan “Limon” atly film görkezildi.

Festiwalda dürli ýurtlardan 8 sany ýaş režisýoryň filmleri “Altyn gaplaň baýragy” ugrunda bäsleşer.

Ozal Gollandiýada görkezilmedik daşary ýurt filmleriniň we dokumental filmleriniň görkezilmegine garaşylýan festiwalda türk kinosyna 2 film bilen wekilçilik ediler.

Reha Erdemiň režisýorlygynda düşürilen “Goja dünýä” we Zeki Demirkubuzyň režisýorlyk eden “Gor” atly filmler festiwalda tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlener.


Etiketkalar: festiwal , Rotterdam , Gollandiýa , film , türk , kino

Degişli Habarlar