Germaniýada ýylyň milli futbolçysy Mesut Özil saýlandy

Germaniýada ýylyň milli futbolçysy Germaniýanyň milli ýygyndysynda oýnaýan asly türk bolan Mesut Özil saýlandy

652068
Germaniýada ýylyň milli futbolçysy Mesut Özil saýlandy

Germaniýanyň Futbol federasiýasynyň resmi internet saýtynda Germaniýanyň milli toparlarynyň Tarapdar kluplary tarapyndan geçirilen ýylyň milli futbolçysy atly sese goýulşykda Mesut Özil berilen 316850 sesiň 54,5 göterimini alyp, 1-nji oruna mynasyp boldy.

Britaniýanyň Arsenal futbol toparynda oýnaýan Mesut Özilden soň 2-nji oruna sesleriň 33,9 göterimini alan Real Madrid toparyndan Toni Kroos we 3-nji oruna sesleriň 4 göterimini Kýoln toparynda oýnaýan Jonas Gektor mynasyp boldy.

2010-njy ýylda bäri geçirilýän sese goýulşykda eýýäm 5-nji gezek milli futbolçy adyna eýe bolan Mesut Özilden başgada 2010-njy ýylda Bastian Şwaýnştaýger we 2014-nji ýylda Kroos 1-nji oruna mynasyp bolupdy.



Degişli Habarlar