"Türk seriallary Ýewropada 1-nji orny eýeleýär"

Türkiýede kino film sungadynda soňky döwürde uly öňe gidişlik edildi

637980
"Türk seriallary Ýewropada 1-nji orny eýeleýär"

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy türk seriallarynyň Ýewropada 1-nji orny eýeleýändigini aýtdy.

Stambulda kinematograflar bilen duşuşan Nabi Awjy Türkiýede kino film sungadynyň soňky döwürde uly öňe gidişlik edendigine ünsi çekdi.

Awjy “15 ýyl ozal ýylda diňe 9 film surata düşürilýän bolsa indi şol san 139-a ýetdi. Şu ýyl 55 million adam kino filme tomaşa etdi.Tomaşaçylaryň 30 milliony ýerli filme tomaşa etdi” diýdi.

“Şu ýyl kinematograflara 28,5 million liralyk golaw berildi, geljek ýylyň bujetinden 40 million lira bölünip berildi” diýen ministr Awjy esasan hem ýaş kinematograflara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 


Etiketkalar: #kino sungady , #kino-film

Degişli Habarlar