Status Kwo toparynyň gitaraçysy Rik Parfit ýogaldy

Meşhur iňlis rok topary bolan Status Kwonyň gitaraçysy Rik Parfit 68 ýaşynda ýogaldy

637232
Status Kwo toparynyň gitaraçysy Rik Parfit ýogaldy

Egnine zeper ýetendigi üçin eýýäm birnäçe wagt bäri saglyk meselelerini başyndan geçirýän Rik Parfite infeksiýa bulaşypdy, Ispaniýadaky hassahanalaryň birinde ýogaldy.

Parfit  "Rockin' All Over The World" we "Whatever You Want" atly aýdymlary bilen dünäýde millionlarça adamyň köňlünde öçmejek yz galdyrdy.

11 ýaşynda gitara çalmaga başlan we dynç alynýan ýerleriň birinde Fransis Rossi bilen tanyşan Parfit 1960-njy ýyllarda Status Kwo toparyny döretdi.

Parfit şu ýyl Antalýa şäherinde geçirilen Expo 2016 fuaryna gatnaşypdy, konsertden soň bolsa ýüreginden tutupdy.



Degişli Habarlar