15-nji iýul agdarlyşyk synanşygy fotosuratlar bilen beýan edildi

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda başdan geçirilenler fotosuratlar arkaly beýan edildi

15 temmuz.jpg

Agdarlyşyk synanşygy boýunça Stambulda geçirilen bäsleşikde baýraklar eýelerine gowşuryldy.

“15-nji iýul fotosurat bäsleşigi” Küçükçekmeje etrap häkimligi tarapyndan geçirildi.

Bäsleşige 694 suratçy 1983 eseri bilen gatnaşdy.

Baýrakly orunlara mynasyp görülenleriň baýraklary Küçükçekmeje etrap häkimi Temel Karadeniz tarapyndan gowşuryldy.

Şeýle çäreleri guramaga dowam etjekdiklerini nygtan Temel Karadeniz 15-nji iýul gijesini unutmazlyk we unutdyrmazlyk düşünjesi bilen hereket edýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar