Azerbaýjanda Çörek festiwaly geçirildi
Azerbaýjanda Bütindünýä Aşpezler güni mynasybetli Çörek festiwaly geçirildi
593748

Azerbaýjanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Milli Aşpezlik merkezi tarapyndan bilelikde geçirilen festiwalyň açylyşyna ministrlikden wekiller, deputatlar, daşary ýurtdan wekiller, sungat işgärleri we edebiýatçylar gatnaşdylar.
Festiwalda Azerbaýjanyň 24 aýry sebitine degişli biri-birinden üýtgeşik köp sanda çörek sergilendi.
Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň çörekleriniň hem sergilenen festiwalda Türkiýä Ýunus Emre institudynyň Bakuwdaky Türk medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.
Festiwala gelen myhmanlara örän datly tagamlar hödür-kerem edildi.