Agaja öwrülen kitap çap edildi

Okalanyndan soň topraga ekip bolýan we agaja öwrülip bilýän kitap ilkinji gezek çap edildi

588870
Agaja öwrülen kitap çap edildi

Argentinada bir kitap ýörite usullar ulanylyp, ýaňadandan agaja öwrülmegi üpjün edildi.

“Kakam tokaýdady” atly çagalaryň kitaby okalanyndan soň topraga ekip bolýar we ol ekileninden birnäçe hepde soň agaja öwrülýär.

Ýasalanda ekologiki arassa syýa ulanylan we kislota garyşdyrylmadyk kitap Argentinada 8-12 ýaş aralygyndaky çagalara tebigatyň wajypdygyny düşündirmek üçin ýasaldy.

Okan kitaplarynyň ýaňadandan tebigata öwrülşine gözegçilik etmek we özleri bilen bile ulalýan kitap-agajyny görmek çagalara uly tejribe bolar.


Etiketkalar: #toprak , #agaç , #tokaý , #kaka , #kislota , #syýa

Degişli Habarlar