FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda Ýewropa geňeşinde fotosurat sergisi açyldy
Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland hem “Türk halky şol gije köçä çykyp öz hukuklaryny gorady. Türk halkyna goldaw bermelidiris” diýdi
Anadoly habarlar gullugynyň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakyndaky fotosurat sergisi Ýewropa geňeşinde açyldy.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Strazburgda Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisiniň Baş Assambleýasynda eden çykyşyndan soň Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland we Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisiniň başlygy Pedro Agramunt bilen birlikde fotosurat sergisiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ministr Çawuşogly Türkiýede 15-nji iýulda başdan geçirlen wakalara doly göz ýetirilmegi üçin şeýle sergisiniň açylandygyny ýatlatdy.
Daşary işler ministri Çawuşgoly “15-nji iýul gijesi türk halky tarapyndan alynan wideo ýazgylara tomaşa etmegiňizi maslahat berýärin. Men käbir wideolara tomaşa edip bilmeýärin. Agdarlyşyk gijesinde başdan geçirlen wakalar hakynda doly maglumat edinmegiňiz üçin sizi Türkiýä çagyrýaryn” diýdi.
Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisiniň başlygy Pedro Agramunt “Demokratiýa eýe çykan türk halkyna minnetdarlyk bildirýarin. Serginiň Ýewropa Geňeşinde açylmagy hem diýseň möhüm” diýdi.
Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland hem “Türk halky şol gije köçä çykyp öz hukuklaryny gorady. Türk halkyna goldaw bermelidiris” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiýä 10 Aýda 47 Million 306 Müň Syýahatçy Geldi
Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 7,03 göterim artdy.