Meşhur türk aktýory Taryk Akan aradan çykdy

Türk kinosynyň 66 ýaşly meşhur akýtory Taryk Akan öýken ragy sebäpli bejergi alýardy

571533
Meşhur türk aktýory Taryk Akan aradan çykdy

1974-nji ýylda Ertem Egilmeziň režisýorlyk etmeginde Ryfat Ylgazyň “Hababam Synpy” atly kino-filmi bilen tanalan sungat ussady, 1975-nji ýylda “Ah nirede” atly romantiki komediýa filmi bilen uly üstünlik gazanyp, Ýeşilçamyň meşhur aktýorlaryndan biri boldy.

111 kino-filmde we 4 sany teleseriýalda oýnan aktýor, 1985-nji ýylda Halkara Berlin kino-film festiwalynda “Pansionat” atly film bilen “Kümüş aýy” baýragyna laýyk görüldi we 1982-nji ýylda Kan film festiwalynda “Ýol” atly film bilen iň başarjak atýor baýragyna eýe boldy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Taryk Akanyň aradan çykmagy sebäpli Akanyň maşgalasyna we sungat älemine duýgudaşlyk bildirdi.

Ýyldyrym ýüzlenmesinde “Türk kinosynyň tanymal aktýorlaryndan biri bolan Taryk Akanyň aradan çykmagyna uly gynanç bildirýärin. Taryk Akana alladan rehnet, gamly hossarlaryna we bütin sungat älemine duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar