Aýdogdy Atabaýew—ITF taekwondo ordeniniň eýesi

Halkara “Ussat” (VII dan) we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew iň ýokary tapawutlandyryş nyşany bolan ITF taekwondonyň ýörite ordenine mynasyp boldy

570451
Aýdogdy Atabaýew—ITF taekwondo ordeniniň eýesi

Şeýle orden bu söweş sungatyny ösdürmekdäki aýratyn goşant üçin gowşurylýar. Öz sylagyny ildeşimiz ýakynlaşyp gelýän şanly senä--Watanynyň 25 ýyllygyna bagyşlady.

Ordeniň gowşurylyş dabarasy Andriýa şäherinde (Italiýa) ýakynda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda bolup geçen dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Şunuň ýaly tapawutlandyryş nyşanynyň Ýer ýüzünde taekwondo eýerijileriň örän az sanlysynyň mynasyp bolandygyny nygtamak gerek. Olar koreý başa-baş söweşiniň ýörelgelerini (filosofiýasyny, sazlaşygy, söweşiji usulyny) öwrenmäge öz tutuş durkuny bagyşlanlar, bilimlerini öz okuwçylaryna geçirenler hem-de ony wagyz etmek bilen işjeň meşgullananlar diýip bolar.

Ine, şu ýylyň iýul aýynda Aýdogdy Atabaýew Tokio şäherinde (Ýaponiýa) ITF taekwondonyň sport mekdepleriniň bäşisinde tälimçilik okuw maslahatlarynyň birnäçesini geçirdi. Yklymyň Aziýa böleginde meşhur hünärmen we gözükdiriji halypaçylyk işindäki öz tejribesini paýlaşdy, şeýle hem häzirki wagtda halkara sport äleminde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän bu söweş sungatynyň türkmen mekdebiniň üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Şu ýylyň dowamynda “Ussat” gara guşagyň eýesi bolan türkmen türgenleri üçin olara degişli danlary (söweş sungatlarynda ussatlygyň ýokary derejesi) gowşurmak maksadynda synag okuw maslahatlarynyň birnäçesini geçirdi.   Awstriýada ýerleşýän halkara taekwondo federasiýasyna tassyklamak üçin 19 arza ugradyldy. Olaryň hatarynda III dana dalaşgärleriň ikisi (Gaýgysyz Atabaýew we Maksat Babaýew), II dana dalaşgärleriň biri (Orazberdi Annamyradow) we I dana türgenleriň 16-sy bar.

Hut Aýdogdy Atabaýewiň 1991-nji ýylda Türkmenistanda taekwondonyň ilkinji sport bölümini esaslandyrandygyny bellemek gerek. Soňra koreý söweş sungatynyň mekdepleri sport dünýäsine we sagdyn durmuş ýörelgesine zehinli ýaşlaryň barha köpsanlysyny çekip, ýurdumyzyň ähli iri şäherlerinde peýda boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygy baradaky aladalarynyň netijesinde sport hereketini ösdürek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi, döwletimiziň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň gurluşygy başlandy. Taekwondo eýeriji türkmen türgenlerine has ýokary hilli we netijeli türgenleşikleri geçmek üçin zerur şertler döredildi. Munuň özi pälwanlarymyzyň ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Olar dünýä we Aziýa derejesindäki ýaryşlardan ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üstüne onlarça medallary goşýarlar.

Mysal üçin, 2016-njy ýylyň Aziýa çempionatynyň barşynda Türkmenistanyň ýygyndysy 20 medala (dört altyn, alty kümüş we on bürünç) mynasyp bolup, umumy toparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Taekwondony esaslandyryjy—Çoý Hong Hiniň ýadygärligine bagyşlanyp, geçen ýyl geçirilen halkara ýaryşynda bolsa türgenlerimiz iň oňat netije (19 medal, olaryň sekizisi altyn, üçüsi kümüş we sekizisi  bürünç medallar) görkezip, ýeňiş kubogynyň eýesi boldular. 

A.Atabaýew şol sanda “halkara derejeli emin” diýen ada eýe bolmak bilen Italiýadaky dünýä çempionatynda emin hökmünde tutluşyklara hyzmat etdi.

Türkmenistanyň ITF taekwondo federasiýasynyň başlygy Meret Rozyýewiň habar berşi ýaly, häzirki wagtda taekwondo boýunça milli ýygyndymyz iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýär. Dekabr aýynda Belarusda we Hytaý Halk Respublikasynda degişlilikde dünýä kubogy hem-de Günorta Aziýanyň çempionaty geçiriler. Indiki aýyň ahyrynda bolsa Özbegistanda Merkezi Aziýa sebitiniň kubogy ugrunda ýaryşlar bolar.



Degişli Habarlar