Ýewrowideniýe Kiýewde geçiriler

Krymly tatar aýdymçy Jamalanyň “1944” atly aýdymy bilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji bolmagy bilen Ýewrowideniýe 2017 bäsleşigi Ukrainanyň paýtagty Kiýewde geçiriler

568642
Ýewrowideniýe Kiýewde geçiriler

Ukrainanyň Milli Telewideniýe kärhanasynyň müdüri Zurab Alasaniýa Ýewrowideniýe 2017 bäsleşiginiň komitediniň finala galan Ukrainanyň şäherleriniň arasynda geçirilen ses berilşikde bäsleşigiň Kiýewde geçirilmegi üçin 19 agzanyň ses berendigini, Odessa şäherinde geçirilmegi üçin bolsa agzalaryň 2-siniň ses berendigini mälim etdi.

Şoňa laýyklykda Ýewrowideniýe 2017 aýdym-saz bäsleşigi Kiýewde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde geçiriler.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmde şu ýyl 61-nji gezek geçirilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Krym tatarlaryň sürgüni we mamasynyň başyndan geçiren tragediýasy barada aýdym aýdan 1944 atly aýdymy bilen tatar aýdymçy Jamala Ukraina şu ýyl wekilçilik edipdi.

Jamala Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde 534 bal bilen 1-nji oruna mynasyp bolupdy.



Degişli Habarlar