Fenerhabçe UEFA Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy

Türkiýäniň Fenerhabçe futbol komandasy UEFA Çempionlar ligasynyň 3-nji saýlama oýunlarynyň çäginde Fransiýanyň 1-nji ligasynyň topary Monako bilen oýnady

544609
Fenerhabçe UEFA Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy

Ilkinji oýunda 2-1 hasaby bilen garşydaşyndan üstün çykan Fenerbahçe düýnki bäsleşikde oýuna erbet başlady. Monako eýýäm 3-nji minutda Walere Germainiň we 18-nji minutda Radamel Falkaonyň penalti urgulary bilen oýunyň ilkinji ýarymyny 2-0 hasaby bilen tamamlady.

Ikinji ýarymyň 53-nji minudynda Emenikeniň goly bilen umytlanan Fenerbahçe Monakonyň futbolçysy Germainiň 65-nji inutdaky goluna böwet bolup bilmedi we 3-1 hasaby bilen UEFA Çempionlar ligasy bilen hoşlaşmaly boldy.

Fenerbahçe UEFA Çempionlar ligasyndan çyksada, UEFA Ýewropa ligasyna adyny ýazdyrdy. Türk toparynyň UEFA Ýewropa ligasynda haýsy futbol komandalary bilen oýnajakdygy 5-nji awgustda çekiljek bijelerde belli bolar.



Degişli Habarlar