Türkiýäniň iň gymmatly hazynalaryndan biri bolan Halil Inaljyk aradan çykdy

Dünýä meşhur taryhçy, professor Halil İnaljyk 100 ýaşynda dünýeden ötdi

537695
Türkiýäniň iň gymmatly hazynalaryndan biri bolan Halil Inaljyk aradan çykdy

Bilkent uniwersitedi tarapyndan berilen beýanatda uniwersitediň Taryh bölüminiň esaslandyryjysy, Osmanly taryhçysy Prof. Dr. Halil Inaljykyň düýn agşam ýogalandygy habar berildi.

Meşhur taryhçy Halil Inaljyk üçin Bilkent we Ankara uniwersitetlerinde 27-nji iýulda çäre geçiriler.

Inaljyk 28-nji iýulda penşenbe güni Stambuldaky maşgala gonamçylygynda jaýlanar.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Halil Inaljygyň ýogalmagy bilen baglanşykly: “Ömrüni türk we dünýä taryhyna bagyş eden, tarapsyz we tapawutly eserleri bilen dünýäniň sanaýmaly taryhçylarynyň biri bolan Inaljyk kitaplary, ylmy-derňew işleri we makalalary bilen biz elýetmez miras goýup gitdi” diýdi.

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman gynanç bildirip, Inaljyga rehnet we dogan-garyndaşlaryna sabyr diledi. Ismail Kahraman: “Hormatly taryhçymyza medeniýetimiziň aýnasy bolan taryhymyzyň dogry ýagdaýda düşünilmegi üçin eden tagallasy sebäpli döwlet we millet bolup minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym özüniň gynanç hatynda: “Ylym dünýäsiniň elýetmez hazynasyny, Türkiýe örän gymmat hazynasyny ýitirdi. Taryhçy Halil Inaljyka Alladan rehnet, maşgalasyna, ylym dünýäsiniň agzalaryna we ähli muşdaklaryna gynanç bildirýärin” diýdi.

1916-njy ýylyň 26-njy maýynda Stambulda dünýä inen Halil İnaljyk Krym tatarlaryndandy.

1936-njy ýylda Ankara uniwersitetiniň Dil, taryh we geografiýa falultetiniň Täze asyr taryhy bölüminde ýokary bilime başlaýar.

1942-nji ýylda “Reforma we bolgar meselesi” atly doktorlyk tezisini gorady.

Uzak ýyllaryň dowamynda şol fakultetde Osman we Ýewropa taryhyndan dersler berenden soň 1972-nji ýylda Çikago uniwersitetiniň Taryh bölümine “Osman taryhyndan uniwersitet professor” hökmünde çagyryldy.

1993-nji ýylda Türkiýä dolanyp gelen Halil İnaljyk Bilkent uniwersitetinde mugallym hökmünde magistratura we doktorantura talyplaryna seminarlar berdi.

İnaljyk osmanlyça, iňlisçe, fransuzça, nemesçe, arapça, parsça we italýança bilýärdi.

İnaljyk Halkara Kebrij biografiýa merkezi tarapyndan dünýäde sosial ylymlar ugrunda belli 2000 alymdan biri hökmünde saýlanypdy.



Degişli Habarlar