Sport dünýäsi harby agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezdi

“Ýasyn demokratiýa, ýok bolsun agdarlyşyk”

530653
Sport dünýäsi harby agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezdi

Sport dünýäsi Türkiýe Respublikasyny nyşana alan harby agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezdi.

Türkiýäniň Futbol Federassiýasy tarapyndan berlen beýanatda “Döwrebap demokratiýa bilen gönükdirilýän Türkiýe Respublikasynda harby agdarlyşyga synanşylmagy asla kabul edilip bilinmez” diýildi.

Türkiýäniň 4 uly futbol komandasy hem Türkiýe Respublikasyna garşy guralan hüjümlere berk reaksiýa görkezdi.

Beşiktaş, Fenerbahçe we Galatarasaý “Ýasyn demokratiýa, ýok bolsun agdarlyşyk” ýüzlenmesini berdi.

Tranzonsport hem “Demokratiýa garşy guralan harby agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezýäris. Döwletimize we halkymyza uly goldaw berýäris” diýildi.

Emre Çolak, Arda Turan , Nuri Şahin we Mehmet Okur ýaly dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan türk türgenleri hem harby agdarlyşyk synanşygyna berk garşylyk görkezdi.



Degişli Habarlar