Portugaliýa 2 – 0 Uels

Düýn Ýewropa futbol çempionaty EURO-2016-nyň çäginde Portugaliýa Uels bilen oýnady

524916
Portugaliýa 2 – 0 Uels

Portugaliýa-Uels oýunynyň 1-nji ýarymynda ýygyndylaryň hiç biri garşydaşlarynyň derwezesine pökgini geçirip bilmedi.

Oýunyň 2-nji ýarymynyň 50-njy minudynda Kristiano Ronaldo pökgini kellesi bilen süsüp Uels ýygyndysynyň derwezesine geçirdi.

Oýunyň 2-nji goluny bolsa Portugaliýanyň futbol ýygyndysyndan Nani 53-nji minutda Uelsiň derwezesine geçirýär.

Garşydaşlarynyň derwezesine 2 gol atan Portugaliýa şeýlelik bilen EURO 2016-nyň finalyna çykmagy başardy.

Çempionatyň final bäsleşigine çykjak 2-nji ýygyndy bolsa şu gün agşam belli bolar. Şu gün agşam Fransiýa Germaniýa bilen bäsleşer. Bäsleşigiň ýeňijisi Portugaliýa bilen finalda oýnar.



Degişli Habarlar