Muhammed Ali aradan çykdy

Amerikaly tanymal boksçy we agyr agramda ençeme gezek dünýäniň çempiony bolan Muhammed Ali aradan çykdy

503802
Muhammed Ali aradan çykdy
muhammed ali1.jpg

Ençeme wagt bäri pakinson keseli bilen göreş alyp baran 74 ýaşly Muhammed Ali dem alyş ýollaryndaky ynjalyksyzlyk sebäpli ýatyrylan hassahanasynda ýogaldy.

Boks karýerasyny tamamlanyndan soň ýagny 1984-nji ýylda parkinson keseli bilen kesellän we hakyky ady Kassius Marsellus Klaý bolan tanymal boksçy 1964-nji ýylda yslam dinini kabul edip özüne Muhammed Ali adyny dakypdyr.

Muhammed Ali 1964, 1974 we 1978 ýyllarda 3 gezek boksyň agyr agramy boýunça dünýäniň çempiony boldy.

Kareýrasyndaky 61 bäsleşigiň 56-da ýeňiş gazanan Muhammed Ali adyny dünýäniň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazdyrdy.



Degişli Habarlar