Sambo boýunça Aziýa çempionatynyň öňüsyrasynda

Düýn Olimpiýa şäherjiginde şu gün badalga aljak sambo boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşyjylaryň agramyny çekmek çäresi geçirildi

Sambo boýunça Aziýa çempionatynyň öňüsyrasynda

Bu ýaryşlara dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan – Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Filippinlerden, Hindistandan, Singapurdan, Indoneziýadan we beýleki döwletlerden türgenleriň 430-a golaýy gatnaşar.

Türgenleriň agramyny çekmek çäresi türgenleşik geçmek üçin niýetlenen ýapyk manežde guraldy. Samboçylaryň köpüsi şunuň ýaly derejedäki ýaryşlarda ençeme gezek duşuşan bolsa, olaryň käbirleri üçin Aşgabatda geçirilýän Aziýa çempionaty halkara derejesindäki ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýandyklaryny alamatlandyrýar. Belli tälimçiler we meşhur türgenler eýýäm ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap bermäge ýetişdiler.

Meýletinçiler hem taýýarlyk çärelerine işjeň goşulyşdylar. Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar meýletin kömekçilerdir, olar Olimpiýa, Aziýa we Ýewropa oýunlary ýaly ýaryşlara hyzmat etmegiň barşynda toplan tejribelerini hem-de alan  başarnyklaryny peýdalanýarlar. Geljek ýyl olar maksatnamasyna sambo göreşi hem girizilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine meýletinçiler hökmünde ýardam bererler.

Şeýle hem düýn Olimpiýa şäherjiginde sambo boýunça Aziýa birleşiginiň kongresi geçirildi, onda sportuň bu görnüşini sebitiň ýurtlarynda mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şondan soňra öňde boljak ýaryşlaryň eminler toparynyň hem-de milli ýygyndy toparlaryň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Onuň bilen bir wagtda dopinge garşy okuw maslahaty hem guraldy.

Sambo boýunça Aziýa çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň, şeýle hem iki ýetginjek ýaşly toparlaryň arasynda sambonyň iki ugry – sport we söweş görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler. Bu iri sport ýaryşlarynyň  açylyş dabarasy paýtagtymyzda 27-nji maýda sagat 17:00-da bolar. (TDH)


Etiketkalar: ýaryş , sambo , oýunlar , Aziýa

Degişli Habarlar