Jamala final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy

2016 Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiň finaly 14-nji maýda şenbe güni geçirler

489952
Jamala final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçirilen Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiň ýarym finalynda Ukrainanyň adyndan 1944 atly aýdymy bilen bäsleşýän krymly tatar sungat ussady Jamala final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanandygy üçin buýsanýandygyny aýdan Jamala, ýerine ýetirýän aýdymynyň esasy böleginiň garry enesi bilen krym tatarlarynyň başdan geçiren pajygasyny gürrüň berýändigini ýatlatdy.

“Ýat adamlar seniň öýüňe gelýär we sizi öldürýär” diýip başlaýan aýdymyň sözleri 1944-nji ýylda 250 müň tataryň Sowet soýuzynyň lideri Stalin tarapyndan Sibire sürgün edilmegini gürrüň berýär.

2016 Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiň finaly 14-nji maýda şenbe güni geçirler.

 



Degişli Habarlar