Ýaponiýa EXPO Antalýanyň tejribesinden peýdalanar

Ýaponiýanyň Döwlet ministriniň maliýe işlerinden jogapkär orunabasary EXPO 2016 Antalýa baryp gördi

482387
Ýaponiýa EXPO Antalýanyň tejribesinden peýdalanar

 

Ýaponiýanyň Döwlet ministriniň maliýe işlerinden jogapkär orunabasary Sakai EXPO 2016 Antalýa baryp gördi.

EXPO hakynda maglumat almak we tejribe alyşmak üçin Antalýa gelendigini atýdan Sakai; “Biz 2026-njy ýyldan soň Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde botanika EXPO-synyň geçirilmegini meýilleşdirýäris. Ýokohana şäher häkimliginden 8 adamlyk topar bilen EXPO 2016 Antalýa geldik. EXPO Antalýa gullugynyň bize EXPO hakynda maglumat bermegini isleýäris we olaryň tejribelerinden peýdalanarys” diýdi.

Sakai  iş saparlarynyň özleri üçin uly tejribe boljakdygyny, aragatnaşyk we transport, EXPO üçin biletleriň satylmagy we EXPO tamamlanandan soň meýdandan ýerlikli peýdalanylmagy ýaly meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar