Taýlantda Suw baýramynda heläkçilikli wakalar hem bolýar

Baýramçylygyň ilkinji 3 gününde 181 adam ýogaldy

471844
Taýlantda Suw baýramynda heläkçilikli wakalar hem bolýar

Taýlantda her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Suw baýramynda gyzykly we şüweleňli pursatlar bilen birlikde heläkçilikli wakalar hem bolýar.

Baýramçylygyň ilkinji 3 gününde 181 adam ýogaldy, 1 müň 777 adam ýaralandy.

Diňe 2 gün ozal bolan 750 ulag heläkçiliginde 65 adam ýogaldy.

Soňky 5 günde içgili ulag ulanmak sebäpli 64 müň sürüji göz tussaglygyna alyndy, 1 müň 500-den gowrak ulag bolsa eýeleriniň ellerinden alyndy.



Degişli Habarlar