Mongoliýada Türk medeniýetinin günleri geçiriler

Aprel aýynyň soňky hepdesinde Mongoliýada Türk medeniýetiniň günleri guralar

471822
Mongoliýada Türk medeniýetinin günleri geçiriler

Türkiýäniň Mongoliýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Murat Karagöz medeni çäreleriň abraýly myhmanynyň Stambulyň şäher häkimi Kadir Topbaş boljakdygyny aýtdy.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde Ulan Bator şäherinde dürli mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ähliumumy parahatçylyk we dostluk temasy bilen çagalar festiwalynyň geçiriljekdigini aýdan baş ilçi Karagöz: “Çanakgala urşunyň 101-nji ýyllygy Mongoliýada ýaşaýan daşary ýurtlylar bilen bilelikde bellenilip geçiler. Opera we pianino ussatlarymyzyň konsertleri beriler" diýdi.

Murat Karagöz medeniýet günleriniň çäginde “Türkiýe panoramolary" temaly fotosurat sergisiniň açyljakdygyny, türk aşhanasynyň tanyşdyrylmagy maksady bilen banket beriljekdigini we türk kinosynyň saýlama eserleriniň mongol halkynyň dykgatyna ýetiriljekdigini hem habar berdi.



Degişli Habarlar