Nowruz baýramy Ankarada dabara bilen bellenilip geçildi

Müňlerçe ýyldan bäri baharyň buşlukçysy hökmünde Orta Aziýada, Türkiýede we Balkan ýurtlarynda bellenilip geçilýän Nowruz Bütindünýä medeni mirasy hökmünde kabul edilýär

455542
Nowruz baýramy Ankarada dabara bilen bellenilip geçildi

Gije bilen gündiziň deňleşýän, agaçlaryň gül açýan, umytlaryň joşa gelýän Nowruz baýramy Ankarada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen Türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen Nowruz baýramyna bagyşlanan çärä köp sanly adam gatnaşdy.

Azerbaýjandan, Makedoniýadan, Gagawuziýadan, Türkmenistandan, Mongoliýadan gelen sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Döwlet opera we baledinde berilen baýramçylyk çäresine köp sanly ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

Dokuz ýurduň ýörite aýdym-saz we folklor toparlarynyň beren konserdine hem uly gyzyklanma görkezildi.

TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Düsen Kaseinow konserdiň açylyşynda sözlän sözünde jebislik we agzybirlik ýüzlenmelerini berdi.

Nowruz baýramy BMG-niň Ştab kwartirasynda hem bellenilip geçildi.

BMG-niň Baş assambleýasynyň 2010-njy ýylda kabul eden karary bilen kabul eden “Halklara Nowruz Güni" üçin BMG-da 6-nji gezek baýramçylyk çäresi geçirildi.

Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik weklleriniň BMG-de geçiren çäresinde jebisligiň we agzybirligiň ähmiýetine üns çekildi.

Çärede çykyş eden BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Nowruzyň global medeni mirasdygyny aýtdy. Dünýäde Nowruzy baýramçylyk hökmünde belleýän ýüz millionlarça adamyň hataryna goşulmakdan diýseň hoşaldygyny nygtan Pan Gi Mun: “Şu günki serhetlerden we aýralyklardan has gadymy taryha eýe bolan Nowruz şu özboluşlygy bilen bökdençlikleri ortadan aýyrýar we ynam döredýär" diýdi.

Pan Gi Mun Nowruzyň tapawutlyklary bilen bitewilik emele getirýändigini nygtady.



Degişli Habarlar