Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy

Ýewropa Göreş çempionatynda 130 kg agramda türkiýeli Ryza Kaýaalp çempion boldy

449662
Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy

Latwiýanyň paýtagty Rigada geçirilýän çempionatyň final tapgyrynda ukrainaly Oleksandr Çernetskiý bilen bäsleşen türk pälwan hasap 2-2 wagty garşydaşyny tuş bilen ýeňip altyn medal almaga mümkinçilik gazandy. Ukrainaly Çernetskiý bolsa kümüş medal aldy.

Ryza Kaýaalp yzly-yzyna Ýewropanyň 5-nji gezek çempiony boldy.

130 kg agramynda bürünç medala bolsa şwesiýaly Ýohan Magnus Euren we belarusiýaly Ioseb Çugoşwili eýe boldy.



Degişli Habarlar