Ýurdumyzyň ýaş küştçüleriniň iň ökdeleri mälim edildi

Türkmenistanyň küşt boýunça iki birinjiliginiň – 8 ýaşa çenli çagalaryň hem-de 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikleriň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary kesgitlenildi

Ýurdumyzyň ýaş küştçüleriniň iň ökdeleri mälim edildi

Gyzlar toparynda altyn medallar ugrundaky ýaryşlar has çekeleşikli boldy. Şol ýaryşlaryň netijesi boýunça türgenleriň birbada ikisi-- Aşgabatdan Merjen Ilamanowa hem-de lebaply türgen Dinara Orunbaýewa 13 utuk toplap, birinji oruna dalaş etdiler.

Şeýle ýagdaýda, ýaryşyň guramaçylary ýeňijini ýaryşa gatnaşyjylaryň sport koeffisiýentiniň gatnaşygy arkaly kesgitleýärler. Ahyrky netijede Annamuhammet Atabaýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýan paýtagtly küştçi öňdeligi eýeledi. Bu baýrak M.Ilamanowanyň milli derejedäki ýaryşdarda gazanan ilkinji medalydyr.

Gyzlaryň arasyndaky bäsleşikde üçünji ýere 12 utuk toplan Aşgabadyň toparyndan Mähri Gurbangeldiýewa mynasyp boldy.

Oglanlaryň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna mümkin bolan 15 utukdan 14 utuk toplan lebaply küştçi Şageldi Gurbandurdyýew çykdy (13 ýeňiş we 1 utulyş). Ýeňiji, diňe bir duşuşykda daşoguzly türgen Röwşen Kalandarowdan (11,5 utuk) asgyn geldi. Şu ýeňşiň netijesinde ol bürünç baýraga mynasyp boldy. Kümüş baýragy Lebabyň ýene-de bir wekili Ilhan Çaryýew (13 utuk) eýeledi.

14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda aşgabatly Azat Nurmämmedowa taý tapylmady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň terbiýeläni 13 döwi öz peýdasyna tamamlap, ikisinde deňme-deň oýnady (14 utuk). Kümüş we bürünç medallara hem paýtagtymyzyň türgenleri Soltan Myradow (13 utuk) we Allaýar Şirliýew (12 utuk) mynasyp boldular.


Gyzlaryň arasynda lebaply türgen Jennet Durdyýewa 14 utuk toplap, ynamly ýeňiş gazandy. Suhrap Semiýewiň şägirdi ýaryşyň tamamlanmagyna bir döw galanda ýeňşe mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary Mary welaýatynyň ýygyndysynyň wekilleri Annagözel Mekanowa (12,5 utuk) hem-de Aýjemal Söýünowa (12 utuk) eýelediler.

7-nji martda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýene-de ikisine – 12 ýaşa çenli hem-de 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlara badalga berler. Häzirki wagtda bu ýerde “Türkmenistan -- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!” atly umumymilli oýunlaryň çäklerinde hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň arasynda paýhas oýny boýunça ýaryşlar geçirilýär. Ýeňijiler 6-njy martda belli bolar.

Şu ýylyň güýzünde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasy geçiriler, oňa türkmenistanlylar hem gatnaşar. Biziň ýygyndymyz ýurdumyzyň çempionatlarynyň netijeleri boýunça dörediler. Zenanlaryň düzümi mart aýynyň ahyrynda, erkekleriň düzümi bolsa indiki aýda mälim bolar.


Etiketkalar: küşt , bäsleşik , Bakuw , güýz , olimpiada

Degişli Habarlar