ABŞ Kilis şäheriniň Nobele dalaşgärligini goldaýar

ABŞ-da ýaýlym berýän Halkara halk radiosynyň internet sahypasynda Ryçard Holl tarapyndan ýazylan makalada Kilisiň adyna siriýaly bosgunlar üçin edilen işler mybasybetli öwgüli sözler aýdylýar

436962
ABŞ Kilis şäheriniň Nobele dalaşgärligini goldaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň İlat, migrasiýa we bosgunlar ofisi Kilis welaýatynyň siriýaly bosgunlar üçin şu günki güne çenli eden işleri mynasybetli Nobel baýragyna dalaşgärlige taýardygy baradaky “Siriýaly bosgunlar üçin köp iş eden türk şäheri Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige taýar" atly makalany resmi Twitter hasabynda ýerleşdirdi.

Kilis welaýatyndaky siriýalylaryň türk ilatyndan ýokarydygy we jemi 120 müňe golaý bosgunyň myhman edilýändigi gürrüň berilýän makalada, mundan birnäçe wagt ozal Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Aýhan Sefer Üstüniň Kilisi Nobeliň parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige hödürlemeginiň diýsen ýerliklidigi nygtalýar.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Üstün Nobel komitetine ýazan hatynda kilislileriň siriýalylar bilen edýän arkalaşygynyň mysalynyň az gabat gelinýändigini beýan edip, şu ýylky Nobel parahatçylyk baýragynyň Kilise berilmegi üçin ýüz tutupdy.


Degişli Habarlar