Jadyly mikrafon radio baýraklary eýelerine gowşuryldy

TRT-niň Stambul şäher radiosy hem Ýylyň iň gowy ýerli radiosy baýragyna laýyk görüldi

431488
Jadyly mikrafon radio baýraklary eýelerine gowşuryldy

Jadyly mikrafon radio baýraklary eýelerine gowşuryldy.

Ýylyň iň gowy radio, radio gepleşigini alyp baryjy we radio gepleşigi baýraklary eýelerine gowşuryldy.

Şu ýyl 4-nji berlen baýrak gowşurlyş dabarasyna TRT-niň Stambul şäher radiosy hem Ýylyň iň gowy ýerli radiosy baýragyna laýyk görüldi.

Dabara gatnaşan Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň baş müdüri Şenol Göka radio işgärleriniň aslynda görünmeýän gahrymanlardygyny nygtady.

Şenol Göka “Olar görmän söýdüler we söýüldiler. Şol sebäpli hem olary görünmeýän gahrymanlar hökmünde görýärin”diýip belledi.

Stambulyň Fatih etrap häkimligi tarapyndan berlen baýraklar üçin raýatlar hem internet arkaly ses berdi.



Degişli Habarlar