Türk Dünýäsi Bilim olimpiadanyň taslama bäsleşigi

Türk Dünýäsi Bilim olimpiadanyň taslama bäsleşigine gatnaşmak isleýänleriň resminamalarynyň alynşygy başlady

Türk Dünýäsi Bilim olimpiadanyň taslama bäsleşigi

Türkiýäniň Bilim ministrligi, Türk dünýasi gaznasy we Eskişehir gubernatorlygy tarapyndan geçiriljek Türk Dünýäsi Bilim olimpiadasy 24-25-nji dekabr aralygynda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde geçiriler.

Geçiriljek çärä Türkiýe Respublikasyndan başgada Türki dilli döwletleriň başlangyç we orta synplarynda okaýan okuwçylary gatnaşar.

Olimiadadaky 100 eser üçin sergi açylar. Ilkinji orunlara mynasyp bolan okuwçylara sowgatlar beriler.

Olimpiada Eskişehir şäheriniň Atatürk sport desgasynda geçiriler.

Çärä gatnaşjak okuwçylaryň resminamalarynyň alynşygy13-nji dekabra çenli dowam eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar