Mesheti türkleri ABŞ-da gastrolda boldular

Mesheti türkleriniň meşhur teatr topary “Miko Show” ABŞ-daky gastrolynyň soňky çykyşyny Ohio ştatynyň Daýton şäherinde etdi

394825
Mesheti türkleri ABŞ-da gastrolda boldular

Çykyşda görkezilen piýessalardaky mesheti aýdymlary we atalar sözleri tomaşaçylaryň ünsleri çekdi.
Mesheti türkleriniň Amerikan jemgyýetçilik merkeziniň başlygy İslam Şahbenderow çykyşda mesheti dialektiniň ulanylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip: “Mesheti medeniýetiniň dowam etmegi üçin toparyň edýän çykyşlary iňňän möhüm” diýdi.
“Miko Showyň” esaslandyryjysy mesheti režisýor Mikail Süleýmanow bolsa gastrolyň iňňän şüweleňli geçendigini nygtap, Türkiýe Respublikasyna we Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkyýetler edarasyna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Öz ssenarilerini we kompozisiýalaryny taýarlan artistler we sazandalar tarapyndan goýulan oýunlar şu ýyl Atlanta, Luizwil we Denwer şäherlerinde-de görkezildi.
Ssenarisi Süleýmanow tarapyndan ýazylan “Hakyky söýgi” atly çeper filmiň ABŞ-daky galasy şu gün Daýtonda bolar.
Filmde mesheti türkleriniň däp-dessurlary bilen birlikde meshetilerin taryhy gelip çykyşlaryna wepalylyklary gürrüň berilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar