Çempionadynyň birinji gününde türk türgenleri 7 medal aldy

Türkiýe 9-njy awgusta çenli dowam etjek çempionada 30 türgen bilen gatnaşýar

313323
Çempionadynyň birinji gününde türk türgenleri 7 medal aldy

Şwesiýanyň Landskrona şäherinde geçirilýän Ýyldyzlar Ýewropa ştanga çempionadynyň birinji gününde türk türgenleri 7 medal aldy.
50 kilogram agyrlykda bäsleşýän Ýusuf Göçmenogly 1 altyn 2 kümüş medal aldy.
Şol kategoriýada bäsleşýän Janer Toptaş bolsa bürünç medal aldy.
Zenanlaryň arasynda 44 kilogram agyrlykda bäsleşýän Aýşe Narin hem çempionadyň birinji gününde 1 kümüş we 2 bürünç medalyň eýesi boldy.
Türkiýäniň Milli ýygyndy ştanga komandasy şeýlelikde çempionadyň birinji gününi 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal bilen tamamlady.
Türkiýe 9-njy awgusta çenli dowam etjek çempionada 16-sy erkek we 14-i zenan bolmak bilen jemi 30 türgen bilen gatnaşýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar