Meksikada türk ýeli…

Meksikanyň san Miguel de Allende we Guanažuato şäherlerinde geçirilen Halkara Guanažuato film festiwalynyň abraýly myhmany Türkiýe boldy

346644
Meksikada türk ýeli…

17-nji iýulda başlan we 26-njy iýulda ýapyljak Laýyn Amerika ýurtlarynyn esasy festiwallaryndan biri hökmünde kabul edilýän festiwalyň “Türkiýe bölüminde” 56 film görkeziler.
Festiwalyň emin agzalarynyň hatarynda aktrisa Melisa Sözen, režisýor Jem Kaýa we ýazyjy Esin Küçütepepynar hem bar.
Festiwalyň çäginde: Ömer Lütfü Akadyň “Gelin”, Metin Erksanyň “Suwsyz tomus”, Nuri Bilge Jeýlanyň “Gyş ukysy” we “Bir wagtlar Anadolyda”, Semih Kaplanoglynyň “Bal”, Reha Erdemiň “Jyn”, Zeki Demirkubuzyň “Ýerasty”, Ýylmaz Erdoganyň “Kebelegiň düýşi”, Kaan Müždejiniň “Siwas”, Mahmut Fazyl Joşkunyň “Ýozgat Blues” we Mahsun Kyrmyzygüliň “Gudrat” atly filmleri görkeziler.
Festiwalyň çäginde Osman döwründe daşary ýurtlylar tarapyndan Osman ülkesinde surata alynan sessiz gysga filmlerden ybarat görkeziliş hem bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar