Türkiýäniň zenan ýygyndylarynyň üstünlikleri

Türkiýäniň Milli basketbol ýygyndysy Ýewropanyň Basketbol çempionatynda Litwadan, Milli wolleýbol zenanlar ýygyndysy bolsa Azerbaýjanyň milli woleýbol ýygyndysyndan üstün çykdy

320224
Türkiýäniň zenan ýygyndylarynyň üstünlikleri

Türkiýäniň Milli basketbol zenanlar ýygyndysy 2015 FIBA zenanlar Ýewropa çempionatynda Litwadan 66-57 üstün çykdy. Türkiýe ertirki oýunda hem üstün çykan halatynda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik gazanar.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Milli woleýbol zenanlar ýygyndysy 1-nji Ýewropa oýunlarynda Azerbaýjanyň ýygyndysyndan 3-2 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelik bilen Türkiýäniň Milli woleýbol zenanlar ýygyndysy ertir finalda Polşanyň ýygyndysy bilen altyn medal üçin bäsleşer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar