Milli göreşçi Akgül altyn medal aldy

Akgül Ryza Kaýaalpdan soň Ýewropa oýunlarynda göreşde ikinji altyn medaly alan türgen boldy

309572
Milli göreşçi Akgül altyn medal aldy

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilýän 1-nji Ýewropa oýunlarynda erkekleriň arasynda erkin göreş boýunça 125 kilogram agyrlykda bäsleşýän milli göreşçi Taha Akgül final bäsleşiginde Belarusly Alekseý Şemarowdan üstün çykyp altyn medalyň eýesi byldy.
Dünýä we Ýewropa çempiony Akgül Ryza Kaýaalpdan soň Ýewropa oýunlarynda göreşde ikinji altyn medaly alan türgen boldy.
70 kilogram agyrlykda göreşýän Ýakup Gök bürünç medalyň eýesi boldy.
Baku Ýewropa oýunlarynda Nur Tatar hem düýn tekwando-da bürünç medal almagyň hötdesinden geldi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar