TRT-niň türk kinomotografiýasyna berýän goldawy dowam edýär

“Taşlap gitdiň meni” filmine iň ýokary baha berildi

242141
TRT-niň türk kinomotografiýasyna berýän goldawy dowam edýär

Düýbiniň tutulmagynyň 50-nji ýyllygyny belleýän TRT-niň kinomotografiýa ulgamyna berýän goldawynyň çäginde alynan “Taşlap gitdiň meni” filmi görkezilmäge başlandy.

Filmiň galasy Amasrada geçirildi.

Filmde biri-biri bilen 25 ýyllap gatnaşmadyk kakasy we atasyny ýaraşdyrjak bolýan ýaş oglanyň başyndan geçirenleri gürrüň berilýär.

“Taşlap gitdiň meni” filmini gören tomaşaçylar filme iň ýokary baha berdiler.

Film ýakyn wagtda TRT-niň ekranlarynda hem görkeziler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar