Daşkentde Türk kino film hepdeligi geçirilýär

kino film hepdeliginiň çäginde 5 film görkeziler

240831
Daşkentde Türk kino film hepdeligi geçirilýär

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Türk kino film hepdeligi geçirilýär.
Şu ýyl 11-njisi geçirilýän kino film hepdeligi “Selwi boýlym al ýazmalym” filminiň görkezilmegi bilen başlady.
Türk kino film hepdeliginiň açylyş dabarasynda söz sözlän Türkiýäniň Özbegistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Namyk Güner Erpul “İlçihana hökmünde özbek we türk halkynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary güýçlendirmegi maksat edinýäris. Şol maksat bilen 2005-nji ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda Daşkentde türk filmleriniň hepdeligini geçirýäris”diýdi
Daşkentde geçirilýän Türk kino film hepdeliginiň çäginde 5 film görkeziler.


 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar