Syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 6,2 göterim artdy

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň girdejisi  6,2 göterim ýokarlady

203375
Syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 6,2 göterim artdy


Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 2014-nji ýylda 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 6,2 göterim ýokarlady
Syýahatçylyk pudagynyň girdejisi 34 milliard 305 million 904 müň dollar boldy
Türkiýäniň hasabat guramasy, syýahatçylyk pudagynyň geçen ýylyň 4-nji çäýreginiň hasabatyny beýan etdi.
Syýahatçylyk pudagynyň girdeýjisi 2014-nji ýylyň soňky çäýreginde ýagny oktýabr, noýabr we dekabr aýlarynda, 2013-nji ýylyň degişli döwrüne görä 1,3 azalyp, 7 milliard 667 million dollar boldy.
Syýahatçylaryň sany şol çäýrekde 2,1 göterim artdy.
Syýahatçylyk pudagyndaky girdejisiniň 81 göterimi daşary ýurt syýahatçylaryndan, 19 göterimi bolsa daşary ýurtda ýaşaýan raýatlarymyzdan geldi.
Şeýlelik bilen soňky ýylyň jemine görä syýahatçylyk pudagy 6,2 göterim artyp, 34 milliard 305 million dollar boldy.
Syýahatçylyk pudagyndaky çykdajylar bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne görä 0,9 göterim azaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar