4 türk topary çärýek finala çykdy

Halkara Basketbol Fedarasiyasynyň guramagyndaky Zenanlar Yewropa Kubogy uğrunda 8 topar özara jogap oýunlaryny oýnadylar

195646
4 türk topary çärýek finala çykdy

Beşiktaş Wengriýanyň PEAC-Pecs toparyndan 22 bal öňe geçip, 72-50 hasabynda utdy we çärýek finala çykdy.
İstanbul Uniwersiteti Russiýanyň Sparta&K Vidnoje toparyny 68-62 hasap bilen ýeňip indiki tura geçdi.
Beşiktaş we İstanbul Uniwersiteti toparlary çäýrek finalda biri-birleri bilen bäsleşer.
Kubok uğrunda oýnaýan beýleki komanda bolan Adana BOTAŞ Fransiýanyň Nantes Reze toparyny 90-69 hasabynda ýeňip çäýrek finala çykdy.
Mersin Büyükşehir Belediyesi bolsa Russiýanyň Spartak Noginsy topary bilen öz ýerinde oýnady.
Garşydaş toparyň ýerinde 82-59 hasap bilen Mersin, öz ýerinde bolsa 80-75 hasap bilen garşydaş topar ýeňenem bolsa, alan ballarynyň köplügi sebäpli çäýrek finala Mersin çykdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar