Türk kinosy Moskwada tanyşdyrylýar

“Türkiýe kinosynyň Bütindünýä akademiki duşuşyklary” Russiýanyň paýtagty Moskwada başlady

201644
Türk kinosy Moskwada tanyşdyrylýar

Medeni çäräniň birinji gününde režisýor Kutlug Atamanyň “Guzy” atly filminiň Russiýadaky premýerasy geçirildi.
Režisýor Ataman premýeradan soň “Türkiýäniň kinosyna tapawutly garaýyşlar” temaly ylmy-amaly maslahatda tomaşaçylary bilen duşuşdy. Akademiki duşuşyk üçin seçilip alynan “Bir wagtlar Anadolyda” filminiň prodýuseri Zeýnep Atakan Özbaturyň, “Hojaýyn soňunyň bagtly gutarmagyny isleýär” filminiň baş roldaky aktrisasy Ezgi Molanyň gatnaşmagyndaky maslahatyň moderatorlygyny prodýuser Elif Dagdewiren ýerine ýetirdi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan goldanýan, Stambul uniwersitetiniň aragatnaşyk fakultetiniň we Russiýanyň Döwlet kinematografiýa institutynyň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirile çärä rus talyplary uly gyzyklanma görkezdi.
“Türkiýe kinosynyň Bütindünýä akademiki duşuşyklary” 23-nji noýabrda tamamlanar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar