Global Perspektiwa-46 "Ýewropanyň Musulman İntelligentleriniň Maslahaty"

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

1088718
Global Perspektiwa-46 "Ýewropanyň Musulman İntelligentleriniň Maslahaty"

Gepleşigimiziň geçen sanynda “Ýewopanyň yslamy” temaly synymyzy dykgatyňyza ýetirip, temany ýene-de dowam etdirjekdigimizi aýdypdyk.

Ýewropanyň yslamyna günbatarly käbir ýazyjylaryň we döwletleriň esasan özleri taýdan çemeleşýändiklerini hem-de meseläni howpsyzlyk ugruna birikdirýändigini beýan edipdik. Döreden Yslam geňeşi ýaly guramalary bilen özleri taýdan  mesele hökmünde görülýän ugurlary gün tertibine getirýärler. Aslyna seredilende şu we şuňa meňzeş guramalaryň gurluşy, agzalary we beýan edilýän garaýyşlýar köplenç musulmanlar tarapyndan kabul edilýän ýa-da mesele hökmünde görülýän meseleler bolman bilýär. Eger şeýle bolsa musulmanlaryň öz gün tertiplerine eýe çykmaklary, öz meselelerini has batyrgaý beýan etmekleri hökmany bolýar.

Şübhesiz günbatarda ýaşaýan musulmanlaryň öz gün tertibine eýe bolmaklary üçin alyp barýan ýa-da barmaly işleri köp. Men şolardan diňe esasylaryndan biri, Musulman intelligentleriň maslahaty barada durup geçmek isleýärin.

Ýyllyk Maslahatlar

Globallaşma tapgyrlarynyň we imperialist maksatlaryň ýüze çykaran kynçylyklary sebäpli uly göç edişlikler başdan geçirilýär. Bu tapgyrda ozallar uzak diýarlarda flokloriki faktor hökmünde kabul edilýän tapawutly ýaşaýyş durmuşlary indi eriş-argaç boldy. Şol eriş-argaçlyk şerti belli bir derejede näbellilik, alada, gorgky we reaksiýa döredýar. Şeýle şertlerde bosgunlaryň özlerini ýerlikli we giňden tanatmaklary hem islenmeýän gün tertibine duçar bolmazlyk hem-de özlerine bildirilýän aladany azaltmak taýdan iňňän peýdaly bolar.

Şol çäkde Ýewropada ýaşaýan musulman intelligentleri platforma döredip, ýyllyk maslahatlary gura bilerler. Şol maslahatlar Pariž, London, Berlin, Brýussel ýaly her ýyl bir şäherde geçirilmeli. Maslahatlar musulmanlaryň özlerini has gowy beýan etmegine goşant goşjak temalarda bolup biler. Şol çäkde terrorizm, rasizm, islamafobiýa, söz azatlygy, bilim, maşgala, ýaşlar, neşekeşlige garşy göreş, mekdeplerde edilýän jenaýat, çagalaryň maşgalalaryndan zor bilen alynmagy ýaly temlary hem agzap geçmek ýerlikli bolar.

Maslahatlara musulman intellektuallary bilen birlikde belli adamlaryň, maslahatyň geçirilýän şäheriniň gubernatory, häkimleri, şol ýurduň degişli edaralarynyň we döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy iňňän ýerlikli bolar. Şeýlelikde maslahatlaryň musulmanlaryň arasynda ýapyk maslahat bolmagynyň öňüni alynar. Mesele hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa, meselelere sebitde ýaşaýan tapawutly gatlaklar bilen bilelikde çözgüt gözlemek has ýerlikli bolar.

Maslahatyň her ýyl jarnama çap etmegi hem haýsy meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny beýan etmegi hem-de özleri üçin çözgüt ýolunyň nämedigini beýan edip, ýol görkezmegi taýdan iňňän wajyp.

Näme Sebäpden Musulman İntelligentler?

Şübhesiz şeýle maslahatlar musulman ruhanylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işewürler, medeniýet, syýasat ýaly ugurlar bilen meşgullanýan adamlar tarapyndan hem geçirilmeli. Şolar tarapyndan hem geçirilmegi peýdaly boplar. Şonuň bilen birlikde jemgyýetiň intelligensiýasy şol jemgyýetdäki tapawutly gatlaklar bilen islendik ýerde duşuşýan, olar bilen ýeňil aragatnaşyk açýan gatlaklar bolmaly. Beýleki tarapdan maslahatlarda ara alynyp malahatlaşyljak meseleleriň dini, sosiologik, psihiki, döwlet edaralary, syýasy, ykdysady, medeni we başga-da köp tarapy bolar. Şol sebäpli maslahatyň intelligentlerin maslahaty bolmagy we mejlislerde ruhanylara, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine, işewürlere, syýasatçylara we döwlet işgärlerine orun berilmegi has ýerlikli bolar.

Maslahatyň ähtimal goşantlary

Musulman intelligentleriniň, degişli döwlet resmileriniň we degişli taraplaryň gatnaşmagyndaky maslahatlar birnäçe jähtden netijeli bolar.

Musulman halklar taýdan: Ýewropada ýaşaýa musulman intelligentleri gynansagam şeýle platformalarda ýygy-ýygydan jemlenşmeýärler. Esasan sebitleýin, ýurt derejesinde, dini guramalar ýaly platformalarda wekilçilik edilýärler. Ýewropada meseleler umumy bolandygyna garamazdan, özgütler esasan tapawutly gatlaklar tarapyndan gözlenýär. Maslahat ilki bilen musulman intelligentlerine öz meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga şert döredýär. Musulman hökmünde ýurt, ideologiýa, etniki, messep, sekulýar, jemagata degişilik ýaly köp bölekli häsýetde ýaşaýarlar. Käbirleri gelen ýurtlary üçin ýerlikli bolan çözgütleri, däp-dessurlaryny bolşy ýaly Ýewropa getirmegiň tarapynda durýar. Şeýle maslahatlar meslelere ýokardan çemeleşip, düýpli çözgütleriň tapylmagy taýdan ýerlikli netileriň ýüze çykmagyny ýola goýar.

Beýleki tarapdan şeýle maslahat ýa-da platforma musulmanlaryn adyndan çykyş etmäge ygtyýarly adamlaryň öňe saýlanmagyna goşant goşar. Maslahat maslaharynyň däl, musulman intelligentleriniň özleri üçin nämeleriň kynçylyk döredýändigini we çözgüt hökmünde nämeleri teklip edýändiklerini kesgitlemäge şert döretjekdigini üçin özleriniň degişli bolmadyk çözgüt tagallalaryny hem ejizleder.

Degişli döwletler taýdan: Ýurtlarynda musulmanlaryň köpçülikleýin ýaşaýan döwletlerden käbirleri düşünmek, çözgüt tapmak niýeti bilen, käbirleri bolsa assimilirlemek we manipulirlemek maksady bilen musulmanlary gyzyklandyrýan meseleleri gün tertibine goşýarlar. Şeýle maslahatlaryň geçirilmegi bilelikde ýaşamagyň döreden şertlerini we meseleleri ýakyndan görüp, ýagşy niýetli çözgüt tapmak isleýan döwletlere hem goldaw berildigi bolar.

Ýaşalýan jemgyýet taýdan: Taryhlarynda tapawutlyklar bilen ýaşama tejribesi az bolandygy üçin günbatar ýurtlarynda döwlete degişli bolmadyk güýçler, jemgyýetçilik guramalary, intelligentler, raýatlar musulman halklara tebigy ýagdaýda bilesigelijilik, gorky bilen çemeleşip bilerler. Musulman intelligentleriniň maslahat arkaly özlerini, garaýyşlaryny, aktual meseleler baradaky garaýyşlaryny aç-açan beýan etmekleri şol aladalara we bilesigelijiliklere belli bir derejede jogap bolar. Özleri bolan adaly çemeleşmelere musulman intelligentler tarapyndan gönüden jogap berilmän halatynda şol aladalara başgalary tarapyndan hökmany suratda haýsydyr bir görnüşde we köplenç ýalňyş jogap beriler.

Şeýle maslahatlar diňe bir Ýewropa taýdan däl, musulmanlaryň göçüp gelen ýa-da ýaşalýan jemgyýetde musulmanlaryň azlykda bolan ähli sebitlerinde ýerlikli tejribeleri we garaýyşlary ýüze çykarar. Şol çäkde Afrikada, Balkan ýurtlarynda, Awstraliýada we beýleki ýerlerde-de Musulman intelligentleriniň maslahaty guralmaly. ABŞ bolsa doly bu manyda bolmasa hem geçirilýän käbir maslahatlar şol funksiýany ýerine ýetirýär we goşant goşýar.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň Ýewropanyň Musulman İntelligentleriniň Maslahaty baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #Global Perspektiwa

Degişli Habarlar