Global Perspektiwa -28 15-nji Iýul: Ganhor Robotlaryň Synanşygy

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

1010957
Global Perspektiwa -28 15-nji Iýul: Ganhor Robotlaryň Synanşygy

Türkiýeden başga ýerde ýaşaýanlar gözegçilikden çykan robotlaryň, ýörite wirus bilen gözegçilik astyna alynan adamlaryň ýa-da özlerine özboluşly missiýa kesgitlän pespäl tarikatlaryň adamzat üçin emele getirýän howpy we oňa garşy dünýäni halas etmek üçin edilýän gahrymançylykly göreşe diňe kino-filmlerde tomaşa eden bolsalar gerek.

Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda tüýsm şeýle waka başdan geçirildi. Döwletiň içine siňen, adyna FETÖ diýilýän, kino-filmlerdäki ýaly adaty wagtlarda güler ýüzli görünýän, emma wirus ýa-da buýruk berilende wagşylaşýan pespäl dini ynançlara degişli adamlaryň harby agdarlyşyk synanşygyna sezewar boldy.

Şol gije nämeler bolupdy?

Türk ýaragly güýçleriniň başda durmagyň döwletiň esasy guramalaryna siňen FETÖ-niň agzalary ABŞ-da ýaşaýan azgyn dini liderleri Fetullah Gülenden alan buýruklaryna laýyklykda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda harby agdarlyşyk etmäge synanşdylar. İçerdäki adamlarynyň goldaw bermeginde käbir döwlet ederalaryny ele geçirdiler. TRT, JNN Türk ýaly käbir radio we telewizion kanallaryny basyp aldylar. Uruş döwürlerinde-de bombalanmadyk Mejlisi bombaladylar. Saýlanan Prezidenti ele salmak üçin operasiýa guradylar. Ýüze çykan wakalara garşy Türkiýäniň çar tarapynda köçelere çykan millionlarça adamyň üssüne robotlaşdyran adamlary bilen od açdylar. Asuda ilatyň üssüne we jemgyýetçilik guramalara harby uçarlar bilen bomba ýagdyrdylar. Adamlar tanklaryň ýoluna böwet boldular. Netije: Birnäçe sagadyň dowamynda ýüzlerçe adam şehit boldy, müňlerçesi ýaralandy…

Bütin dünýä demokratiýa sapagy

Prezident R.T.Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda türk milletiniň demokratiýasyny we geljegini halas etmek üçin eden göreşi kino-filmlerdäki ýaly gahrymançylyklydy. Bütin Türkiýeden millionlarça adam köçelere çykdy. Asuda ilat döwlet edaralaryny we harby edaralary gurşap aldy. FETÖ-çi esgerleriň od açmagyna garamazdan yza çekilmelidiler. Şol gije menem köçededim. Meniň hem ýakyndan ýanaýan adamlarym, dostlarym adamkärçiligiň mankurtlar, beňňiler, frankeştaýnlar ýa-da azgyn tarikat agzalary tarapyndan ýesir alynmazlygy üçin janlaryny gurban etdiler.

Türkiýede ozalam harby agdarlyşyklar bolupdy. Emma ilkinji gezek öz halkyna gönüden hüjüm eden, şeýle pajygaly agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirdi. Dürli garaýyşlardaky millionlarça adam agdarlyşyk synanşygyna garşy birnäçe hepdäniň dowamynda köçelere çykdylar. Ýurduna, buýsanjyna, demokratiýasyna, adamkärçilige eýe çykdy. Millionlarça adam birnäçe hepdäniň dowamynda köçelere çykandygyna garamazdan ýekeje dartgynlyk, talaňçylyk, ogurlyk bolmady, hamala diýersiňiz garynjanyň göwnüne degilmedi. Türkiýede adaty halk, asuda ilat “iň wagşy agdarlyşyk synanşygynyň iň bir demokratik ýagdaýda nähili yza serpikdiriljekdigini” bütin dünýä iş ýüzünde görkezdi.

1990-njy ýyllarda Tiananmen meýdanynda buýsançly hytaýly ýaşlardan biri Hytaýda tankyň öňünde durupdy. Beýnileri gözegçilik astyna alynmandygy üçin hytaýly esgerler yza çekilipdi. Şol gahrymançylykly hereket bütin dünýäde seslenme döredipdi. Türkiýede bolsa azgyn dini ynançlary bilen adamkärçilikden daşlaşandyklary üçin FETÖ agzalary tanklaryň adamlaryň üssüne sürdüler. Bir adamyň däl, bütin milletiň gahrymanlarça göreşini bolsa dünýä mediasy tas görmediksiredi diýsek ýalňyşmarys. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem ýeterlik derejede goldanmadyk hem bolsa şol buýsanç, şol göreş şaýatlaryň ýadyndan asla çykmaz.

FETÖ näme?

FETÖ-niň nämedigine halkara jemgyýetçiligi gynansagam henize çenli ýeterlik düşünmedi. FETÖ-niň (Fetullahçy terror guramasy) agzalaryny, liderine hristosa meňzeş ynam bilen tabyn eden, öz azgyn dini ynançlaryna laýyk dünýä gurmagy maksat edinýän terror guramasy. Lideri saýlanan halas ediji hökmünde kabul edilýär. Oňa tabyn bolanlar hem özleriniň seçilip alynandyklaryny pikir edýärler. Şol çäkde bütin dünýäni “halas etjek” ynanja eýe. Şol maksat bilen bütin ýurtlarda, sebitlerde, şäherlerde, etrapçalarda ymamlary bar. Liderleri Fetullah Gülen bolsa diňe bir ýurdy däl, bütin dünýäni halas etjek “älemiň ymamy” hökmünde ykrar edilýär. FETÖ terror guramasy şol sebäpli global hereketdir.

FETÖ, agzalaryna şol kulta ynandyrmak üçin uzak we agyr tälim berýär. Şol tapgyrda agzalaryny jemgyýetden dolulygyna çetleşdirýär. Özbaşdak şertlerde, özbaşdak rituallar bilen dolulygyna özleriniň ynanýan we bilýän ynanç ulgamy we dünýä giňişligi emele getirilýär. Şol tapgyrda agzalary ýuwaşlyk bilen maşgala agzalaryndan, degişli bolan milletleriniň gymmatlyklaryndan we parahatçylyk hem-de asudalyk dini bolan yslamyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen umumy analizlerinden çetleşdirilýär. 1970-nji ýyllarda başlan hereket taryha, däbe we medeni garaýyşa eýe bolmadyk köksiz hereket bolandygy üçin agzalary birnäçe wagtdan soň özleriniň bilýän we ynanýan azgyn ynanjyna eýe bolýar. Çagalary FETÖ-niň mekdeplerinde okan maşgalalar üns berip gören halatynda olaryň ýuwşlyk bilen özlerinden daşlaşandyklaryny görerler.

FETÖ-niň agzalary formatlanandan soň indi ýörite, gizlin we mukaddes missia eýe bolandyklaryny pikir edýän adamlara öwrülýärler. İndi olaryň iňňän “mukaddes” maksatlary bardyr. Şol maksatlara ýetmek üçin özlerine berilen ýönekeýje buýruk özleri asla paş etmezlik, ähli şertlerde özlerini gizlemekleridir. Özlerini gizlemek we maksatlaryna ýetmek üçin ähli ýol olar üçin legaldyr. Çünki ähli eden işlerini legallaşdyrjak, diňe özleriniň bilýän we ynanýan “mukaddes” maksatlary bardy. Şonuň üçin ähli ynançda ýaly görünip bilerler, islendik egin-eşigi geýinip bilerler, başga ideologik düşünjede ýaly görünip bilerler. Hezreti Möwlananyň “ýa bolşuň ýaly görnün, ýa-da görünşiň ýaly bol” diýlen pelsepesiniň tersine, asla boluşlary ýaly görünmeýärler. Niýetleri başga bolandygy üçin hem görünişleri ýaly bolmaýarlar.



Degişli Habarlar