Global Perspektiwa Günbatar Frakiýa Türkleri: Ýok Bolsun Assimilýasiýa

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

910576
Global Perspektiwa  Günbatar Frakiýa Türkleri: Ýok Bolsun Assimilýasiýa

 

Günbatar Frakiýa Türkleri: Ýok Bolsun Assimilýasiýa

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Säginiň we pikir edip görüň. Özüniň nähili häsýetlendirýäňiz, (nemes, arap, türk, musulman, hristiýan, ateist…) Müň ýyldan gowrak wagt bäri ýaşaýan ýurduňyzda döwlet size “siz beýle däl” we “siziň kesgitleýşiňiz ýaly halk bu ýurtda ýok” diýýär.

“Adamlaryň özlerini nähili häsýetlendirýändikleri döwletleri näme üçin gyzyklandyrsyn? Döwletlere diňe halklary özlerini nähili häsýetlendirýän bolsa şony ykrar etmek we oňa sarpa goýmak galýar. Bu döwürde beýle zat bolmaz” diýýäniňiz gulagymda ýaňlanýar.

Size “siz mamla, şeýle yzagalak, faşistik düşünje bu döwre gelişmeýär. Diňe taryhda galan mysal bolup biler” diýip bilsedim.

Gynansagam beýle däl. Bu şertlerde ÝB-ne agza ýurtlardan biri bolan Gresiýada entegem dowam edýär. Adamlar grek döwletine müň ýyldan gowrak wagt bäri şol ýerde musulman we türk şahsyýetleri bilen ýaşaýandyklaryny kabul etdirmek üçin uzak ýyllardan bari göreşýärler.

Günbatar Frakiýa türkleriniň kynçylyklary barada aýdýaryn.

Günbatar Frakiýa türkleri Osman döwletinden hem ozal şol ýerlerde ýaşaýarlar. Osman döwletiniň dargamagyndan soň Günbatar Frakiýadaky musulman türk azlygynyň hukuklary Halkara we özara ylalaşyklar bilen kepillendirildi. Emma iş ýüzünde şol hukuklaryň esasy bölegi gynansagam kagyz ýüzünde galypdyr. Gepleşigimiziň bu sanynda şol basgylanýan hukuklardan ýekejesi barada durup geçmek isleýärin.

Ýaraly Düşünje

Syýasy, ykdysady, medeni hukuklar we beýleki ähli haklar hem-de azatlyklar şübhesiz möhüm we gymmatlydyr. Emma adamyň özüni nähili ýa-da näme hökmünde häsýetlendirmelidigi iň esasy adam hukuklaryndan biridir. Ontologik hukukdyr. Adam hukuklary baradaky ähliumumy jarnamanyň 6-njy maddasyna görä “Her bir adam nirede bolandygyna garamazdan hukuky şahsyýetiniň ykrar edilme hukugyna eýedir”. Adamyň özüni nähili häsýetlendirjekdigi hem döwlete däl, özi bilen bagly meseledir we şahsyýetiniň ýüzöwrülmesiz bölegi bolup durýar. Adamyň özüni häsýetlendirýän şahsyýetini ýa-da degişliligini ykrar etmezlik, şol adamyň bardygyny ykrar etmezlik bilen deňdir. Belkem şol sebäpli Emil Maalouf “Öldüriji şahsyýetler” atly kitabynda adamyň şahsyýetiniň iň agyr kynçylygy çeken ýerinden emele gelýändigine ünsi çekýär. Çünki özüni häsýetlendirýän şahsyýeti bilen bardygy ykrar edilmedik adam, bardygyny subut etmek üçin ähli basyşlara döş gerer. Ilkinji hristiýanlaryň we musulmanlaryň edilen basyşlara garşy alyp baran göreşi, öz şahsyýetlerini beýan etmek üçin çeken kynçylyklary onuň anyk mysallaryndan biridir.

Ykrar Edilýän Türk Şahsyýeti

Günbatar Frakiýadaky türk şahsyýeti taýdan başdan geçirilenler hem şondan tapawutsyz. 1927-nji ýylda döredilen “Ksanti Türk Bileleşigi” 1980-nji ýyllara çenli iş alyp barýar. Adyndan “Türk” sözi bolandygy sebäpli 1983-nji ýylda howpsyzlyk güýçleri tarapyndan atýazgysy aýrylýar. Iş alyp barmagyna rugsat berilmeýär. Gurama grek ýerli kazyýetleri we Prokuroturasy tarapyndan “Günbatar Frakiýada türk ýok” diýlen sebäp bilen ýapylýar. Şondan soň Günbatar Frakiýanyň musulmanlar türkleriň işi Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň garamagyna hödürleýär. Kazyýet 2008-nji ýylda Ksanti Türk Bileleşigini mamla diýip tapýar. Ýaňadandan içerki hukuk ýollaryna ýüz tutulmaly bolýar. Günbatar Frakiýa türkleri soňky ýyllarda Gresiýanyň Ýewropanyň Adam Hukuklarynyň kararyny berjaý etmegi üçin göreşýär. Mesele boýunça soňky kazyýet işine 2018-nji ýyulyň 9-njy fewralynda Komotininiň Kassasion kazyýetinde seredildi we ýene-de netije çykmady.

1983-nji ýylda başlan we iň bir başlangyç adam hukuguna äsgermezçilik edýän basyşyň ortadan aýrylmagy üçin doly 35 ýyldan bäri göreşilýär. Günbatar frakiýaly musulman türkler bizar bolmazdan we asla hukugyň çäginden çykman göreşmäge dowam edýär. 35 ýyldan bäri Gresiýadan we Gresiýa degişli basyşy etmeýän ÝB-den adalata garaşýarlar. Emma bu möhletde grek döwleti adalatyň ýerine basyş ediji syýasaty saýlap alýar.

Milli Göreş Güni

Günbatar Frakiýa türkleri 1988-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda özlerini ykrar etmeýän grek kazyýetiniň kararyna garşy ýokary gatnaşykly demonstrasiýa geçiripdi. Şol seneden soň 29-njy ýanwary “Milli Göreş Güni” hökmünde yglan edýärler. Emma Gresiýa şu günki günde-de geçirilýän çärelere basyş etme we olaryň öňüni alma ýoluny saýlap alýar. 1990-njy ýyllardaky “Milli Göreş Gününe” ähli garşylyklara garamazdan onlarça müň adam gatnaşyp, şahsyýetlerini orta goýýar. Emma şol demokratik we legal ýörişiň dowamynda fanatik grekler türklere hüjüm edýär. Iki günüň dowamynda ýüzlerçe musulman türkleriň iş ýerleri talanýar, ýakylyp, ýykylýar. Ksantiniň saýlanan müftüsi Mehmet Emin Aga we döwrüň garaşsyz halk deputaty Ahmet Faikogly ýaly köp sanly türk agyr ýaralanýar. Grek polisi bolsa olara tomaşa edýär.

Diňe Türk Şahsyýetini İnkär Etmekmi?

Gresiýadaky meseleler gynansagam diňe bir türk şahsyýetiniň inkär edilmegi bilen çäkli däl. kanunlar we özara ylalaşyklar bilen kepillendirilendigine garamazdan öz müftüsini saýlamagyna rugsat berilmezligi, ybadat erkinliginiň çäklendirilmegi, emläk hukuklaryna basyş, döwlet haýryna geçirilen gaznalara degişli emläkleriň yzyna berilmezligi, bilim alma hukularynyň çäklendirilmegi, raýatlyklan çykarylan onlar müň musulman türk… Günbatar Frakiýa türkleriniň başdan geçiren kynçylyklaryny bilmek isleýänler Katip Çelebi uniwersiteti tarapyndan türk, grek we iňlis dillerinde çap edilen Gresiýadaky Adam Hukuklary Basyşlary habarnamasyny okap biler.

Gresiýadaky basyşlar Türkiýäniň Akdamar buthanasyny abatlap ybadada açmagy, Mor Ganriel manastyrynyň ýerini yzyna bermegi, Gökçeada grek mekdebiniň açylmagy, Stambuldaky bolgar buthanasynyň abatlanyp, ähli çykdajylarynyň Türkiýe tarapyndan edilmegi ýaly köp sanly oňyn başlangyçlaryň edilýän döwründe bolýar.

Meseläniň gynandyryjy bolan beýleki bir tarapy bolsa ÝB-niň düzümleriniň we halkara guramalarynyň onlarça ýyl dowam eden şol basyşlaryň öňüni almak ugrunda ýeterlik syýasat alyp barmaýanlygy. Şol basyşlar musulman dünýäsinde-de ýeterlik bilinmeýär.

Hasam gynandyryjy zat bolsa, Türkiýedäki adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we intelligentleriň öz ýurtlaryndaky ýönekeýje adam hukuklary meseleleri barada ummasyz maglumata eýedigine garamazdan golaýjygyndaky goňşusy Gresiýada başdan geçirilýän ägirt uly basyşlar barada azajyk maglumata eýe bolmagy.

Gresiýadaky Adam Hukuklary Basyşlary habarnamasy ýaly işleriň sanynyň artmagyny, raýatlarymyzyň başga ýurtlardaky basyşlar barada has köp maglumat edinmegini tama edýäris.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar