Giresun Fundukly Kadaýyf Süýjüligi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2222745
Giresun Fundukly Kadaýyf Süýjüligi

Türkiyäniň Gara deňiz kenarynda ýerleşýän we Ordu şäheri bilen birlikde funduk önümçiligi bilen dünýä derejesinde tanalýan Giresun şäheri, düzüminde funduk bolan süýjülikleri bilen Türkiyäniň aşhana medeniýetine uly goşant goşýar. Giresun Fundukly Kadaýyf Süýjüligi şäheriň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Fundukly kadaýyf guradylan sim kadaýyfyň, mesgäniň we iki gezek gowrulyp üwelen fundugyň bişirilmegi, sygyryň süýdüniň we ak şekeriň goşulmagy, süýjedilmegi we demini aldyrmak arkaly taýarlanýan süýjülikleriň biridir. Ulanylýan fundugyň görnüşi, geografiki taýdan hasaba alynan we şäheriň marka önümi hasaplanýan Giresun fundugydyr. Takmynan 24 porsionlyk 1 mejme kadaýyf üçin 250 gram funduk ulanylýar. Şol sebäpli gündelik görnüşde taýarlanyp, sarp edilýän kadaýyf süýjüligi, agyzda fundugyň tagamyny galdyrýar. Süýjüligiň taýýarlanylşynda ilki bilen, sim görnüşdäki kadaýyf mejmäniň üstüne ýerleşdirilýär. Üstüne 200 gram iki gezek gowrulan fundugyň bölekleri goýulýar we üstüne ýaňadandan kadaýyf ýerleşdirilýär. Kadaýyf üstüne mesge ýagynyň bölekleri ýerleşdirilip, 220 gradus gyzgynlykda aşagy we ýokarsy gyzyrýança çenli bişirilýär. Peçden çykarylan fundukly kadaýyfyň üstüne ýyly şerbet dökülýär we süýjülik, şerbeti özüne çekmegi üçin 1 sagat garaşdyrylýar. Beýleki tarapdan gowrulan 50 gram Giresun fundugy hem üwelýär we demini alan kadaýyfyň üstüne dökülip, süýjülik hödür-kerem edilmek üçin taýýar ýagdaýa getirilýär.


Etiketkalar: #funduk , #Giresun

Degişli Habarlar